Реферат

Реферат T rkmenistany ykdysady etini diwersifikasi ala dyrmak i ini d wlet tarapyndan d zg nle dirilm

Работа добавлена на сайт bukvasha.net: 2015-10-28

Поможем написать учебную работу

Если у вас возникли сложности с курсовой, контрольной, дипломной, рефератом, отчетом по практике, научно-исследовательской и любой другой работой - мы готовы помочь.

Предоплата всего

от 25%

Подписываем

договор

Выберите тип работы:

Скидка 25% при заказе до 26.12.2024



4-nji bap. Türkmenistanyň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak

işiniň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegi

4.1. Bütindünýä çökgünligi şertlerinde Türkmenistanyň

amala aşyrýan umumydöwlet syýasy strategiýasy

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly içeri we daşary syýasaty netijesinde  özüniň ykdysady-durmuş ösüşleri, halkara ähmiýetli döwrebap taslamalary bilen dünýä arenasynda möhüm orny  eýeleýär. Diýarymyz bu gün  parahatçylygyň, asudalygyň we ösüşleriň mekany hökmünde dünýäde giňden tanalmak bilen, baý  ýerasty we ýerüsti resurslary, amatly geografiki ýerleşişi, dowam edýän durnukly ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy ýagdaýy bilen geljegi örän uly ýurt hökmünde, dürli ugurlar boýunça, hususan-da, ykdysadyýet babatda ygtybarly hyzmatdaş  hökmünde barha özüne çekiji döwlete öwrülýär.  Daşary ykdysady gatnaşyklarymyz gitdigiçe ösýär, kämilleşýär, bu ugurdaky görkezijileriň depgini-de barha ýokarlanýar.

            Mertebeli döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly,  ýurdumyzda gyssagly çäreleriň görülmeginiň  dünýä ykdysady-maliýe çökgünliginiň zyýanly tasiriniň öňünden sowlup geçmäge mümkinçilik berendigini kanagatlanmak bilen aýdyp bolar. Hormatly Prezidentimiziň tagallarlary bilen ýurdumyzda durnuklaşdyryş gaznasynyň döredilmegi, tebigy gazymyzyň bahasynyň ýokary derejede saklanylmagy, düýpli gurluşygyň esasan, döwlet tabşyrygy esasynda alnyp barylmagy, milli ykdysayýetimiziň esasy ulgamlarynyň sazlaşykly ösdürilmegi, bazar gatnaşyklaryna ewolýusion ýol bilen, türkmen milli modeli arkaly geçilýändigi we başgalar global mailýe çökgünliginden sowlup geçmäge mümkinçilik beren düýpli çärelerdir.

      Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow dünýä ýüzünde dörän maliýe çökgünliginiň sebäplerini öňünden görüp, şeýle ýagdaýyň biziň ýurdumyzda döremeginiň garşysyna degişli çäreleri yzygiderli geçirip, dünýä döwletlerine hem bu boýunça tagallalary birikdirmegi ündäp gelýär.

Entek Ýer ýüzünde maliýe çökgünliginiň gürrüňi edilmänkä, 2007-nji ýylyň sentýabr aýynda BMG-niň belent münberinden eden çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow maliýe çökgünliginiň ýüze çykmagyna sebäp bolýan birnäçe meseleleriň toplumy jähtinden: -maliýe-ykdysady, ekologiýa, howada kömürturşy gazyny azaltmak, global ýylylygyň öňüni almak, energiýa üpjünçiligi, gaz geçirijileriniň howpsuzlygy, azyk howpsuzlygy, tebigy baýlyklardan, suwdan rejeli we netijeli peýdalanmak, ilatyň durmuş hal-ýagdaýyny gowulandyrmak barada dünýä ýüzündäki tagallalary bir ýere jemlemek barada başlangyçlar bilen çykyş etdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň öňünden aýdan „tagallary jemlemek“ ideýasy häzirki günde Birleşen Milletler Guramasynda maliýe çökgünliginden çykmak jähtinden döwletleriň tagallaryny bir ulgama jemlemek nukdaýnazaryndan durmuşa geçirilip başlandy.

Global çökgünlik barada gysgaça aýdylanda bolsa, mälim bolşy ýaly, soňky ýetmiş ýylyň içindäki bu iň agyr maliýe çökgünligi dünýä ykdysadyýetinde esasy orny eýeleýän ABŞ-da gozgalmaýan emläge berlen karzlaryň yzyna gaýtarylmagy bilen baglanyşykly ýüze çykan kynçylyklardan başlandy we ol esasy gazna bazarlaryndaky indeksleriň pese gaçmagyna getirip, maliýe-bank ulgamyny agyr ýagdaýlara sezewar etdi, banklaryň birnäçesi tozdy. Maliýe bazarlaryny durnyklaşdyrmak maksady bilen, köp ýurtlaryň hökümetleri olara maliýe goldawyny berdiler. Bu bolsa döwletleriň walýuta gorlarynyň peselmegine getirdi.

“General Motors”, “Ford”, “Citibank”, “Starbucks” ýaly dünýäde abraýly şereketleriň her aý on müňlerçe adamy işden çykarmagy we ABŞ-nyň maliýe merkezi bolan “Wall Streetdäki” ýüzýyllyklara barabar taryhly banklaryň çökmegi 2008-nji ýylda ýüze çykan ykdysady çökgünligiň derejesiniň näderejede uludygyny görkezýär.



 1980-nji ýyllardan soňra dünýä esasanam söwda, şereketler, aragatnaşyk we ykdysadyýet babatda global, ýagny serhetler bolmadyk eýýama gadam basdy. Globallaşma şereketlere öz işini dürli ýurtlarda alyp barmaga ýagdaý döretdi. Elbetde, globallaşmanyň adamzat ýaşaýşy üçin köp ähmiýetli taraplary boldy, ýöne 2008-nji ýylyň ahyrlaryna dünýäde ýüze çykan, gözbaşyny ABŞ-dan alan ykdysady çökgünligiň gysga wagtyň içinde dünýä ýaýramagynda globallaşmanyň hem paýynyň uludygy ikuçsuzdyr.

Sowuk uruşdan soň ABŞ öz ykdysadyýetini önümçilik pudagyndan hyzmat pudagyna gönükdirdi. Hyzmat pudagynda iň möhüm orny eýelän maliýe merkezleri ABŞ-da soňky 20 ýylyň içinde ynanylmaz derejedäki girdeji gazandylar. 2000-nji ýyllarda ABŞ öz Merkezi banky tarapyndan goýberilýän gymmatbaha kagyzlara bolan göterimi azaldyp ugrady (Merkezi bankyň 2000-nji ýylda 6.5% bolan göterimleri 2004-de 1%-e çenli azaldyldy). Maýadarlar öz pullaryny öň ABŞ-nyň Merkezi bankynyň gymmatbaha kagyzlaryny satyn alyp, belli bir möhletden soň, girdeji gazanýan bolsa, bu kagyzlara berilýän göterimlerden gelýän girdeji azalan soň, öz pullaryny başga pudaklara ýatyryp başlady.

ABŞ-da başlan we gysga wagtyň içinde dünýäni öz täsiri astyna alan ykdysady çökgünligiň sebäplerini bilmek köpimizi gyzyklandyrýan bolsa gerek.        

ABŞ-da ýaşaýyş jaýlarynyń bahalarynyń gymmatlaýandygy sebäpli, banklar bu pudakda karz üpjünçiligini ýola goýup, girdeji gazanmagy göz öńünde tutýardy. Girdejisi az bolan müşderiler hem bu karzdan peýdalanyp bilýärdiler. Karz kömegi bilen öý alanlar, ýaşaýyş jaýlaryń bahalarynyń gymmatlamagy sebäpli, öýüń ýokarlan nyrhyny kepil hökmünde görkezip, täze karz alýardylar. Mysal üçin 10 müń dollarlyk bir öý, dolylygyna karz bilen alynan bolsa, öýüń hümmetiniń 50 göterim ýokarlamagy, öýüń gymmatyny 15 müńe çykarýar, şeýlelikde müşderi goşmaça 5 müń dollar kepilnama görkezip täze karz alma mümkinçiligine eýe bolýardy. Karz beren banklar, karzyň yzyna tölenmegine garaşmazdan, ipotekata astyndaky öýleriń hümmetini kepilnama hökmünde görkezip, bazara obligasiýa satyp, bazardan täze girdeji gazanýardy we täze karzlar berýardi. Satyn alynan şol obligasiýalar bolsa süýşürintgi eýelerine gor hökmünde satylýardy. Maliýe krizisiniň ýüze çykyşy ABŞ-da ýaşaýyş jaýlaryń bahalary arzanlamaga başlandan soń girdejisi az bolanlar, karzlaryny tölemekde kynçylyk çekmäge başladylar we karzlary tölenmedik ýaşaýyş jaýlary banklaryń haýryna geçirilmäge başlandy. Yzyna alnan öýleriń banklara nagt pul hökmünde dolanyp barmagy üçin satuwa çykaryldy we şeýlelikde hödürlenşigiń ýokarlamagy sebäpli öýleriń nyrhy has-da arzanlady. Ýaşaýyş jaýlarynyń bahalaryndaky arzanlama, öýlere esaslanýan obligasiýalaryń hem hümmetiniń aşaklamagyna sebäp boldy. Bu şol obligasiýalary satyn alan maliýe guramalaryny hem agyr ýagdaýa düşürdi. Hasap eýelerine bolan jogapkärleriniń üýtgemändigine seretmezden banklaryń eýe bolan emläginiń hümmetini ýitirendigi üçin sermaýa ýetmezçiligi ýüze çykdy. Banklaryń nagt pul ýetmezçiliginiń, beýleki maliýe guramalaryndan karz almak arkaly maliýeleşdirilmegi gerekdi, emma şertler näbelli we howply bolandygy üçin karz almak has-da gymmat düşmäge başlady. Bu şertlerde banklar täze karz bermäge ońyn seretmeýärdi we maliýe ulgamynyń kiçelmäge başlandygy görülmäge başlandy. Bu ýagdaý maliýe bazarynda ynamsyzlyk döretdi we kynçylyk çekýän banklar batmaga başlady. Çökgünligiň täsirleri Bazaryń kiçelendigi sebäpli islegler azaldy ýa-da azalma ähtimallygy, maýadarlary aladalandyrdy. Maliýe krizisiń göwrümi uly bolandygy sebäpli dünýä bazarlaryna güýçli täsir ýetirdi.

Haryt we energiýa bazarlaryndaky hereketlere görä, nebitiň bahasy 2008-nji ýylyň iýul aýynda 1 barreliniň ABŞ-nyň 147 dollaryna deň bolmagyndan, 2008-nji ýylyň oktýabr aýynyń ortalarynda çig nebitiń bahasy birnäçe aý öńkä seredilende %50 aşaklap, 70 dollara düşdi. Nebit eksport edýän ýurtlar mundan diýseń uly zyýan çekdiler we OPEK (Nebit Eksport Edýän Ýurtlaryń Guramasy) gyssagly ýygnak geçirmäge karar berdi. Ady agzalýan ýurtlar şeýle aladaladylar welin guramanyń 2008-nji ýylyň 17-nji dekabrdaky nobatdaky ýygnagyny öńe süýşürip, 2008-nji ýylyň 24-nji oktýabrda ýygnanşdylar. Häzirki wagtda Reuters dealing söwda maglumat ulgamynyň görkezijisi boýunça 2011-nji ýylyň 10-njy fewraly ýagdaýyna nebitiň 1 barreli 102 ABŞ dollaryna barabar bolup durýar. Bu bolsa çökgünlik döwrüne garanyňda 45% ýokarlanandygyny aýdýar.               

Dünýä maliýe çökgünliginiň ýüze çykmagyna itergi beren sebäpleriň biri bolan, nebit önümleriň bahasynyň 2008-nji ýylyň dowamynda durnuksyz bolandygyna garamazdan, biziň ýurdumyzda benziniň, dizel ýangyjynyň we çalgy ýaglarynyň nyrhy dünýä derejesinden has pes bolup, olar üýtgewsizligine galdyryldy. Has-da begendirýän zat, hususy ulaglaryň benzini we dizel ýangyjynyň tassyklanan mukdary mugt edildi.

Çökgünlikden zyýan çeken ýurtlar çökgünligiń ýetirýän zyýanyny azaltmak maksady bilen köp sanly çäre gördi. ABŞ, käbir banklary döwlet eýeçiligine alan bolsa, İrlandiýa banklardaky hasaplara döwlet kepilnamasyny berdi. Käbir ýurtlar goldaw paketlerini durmuşa geçirmäge başlady we agyr ýagdaýdaky banklara maliýe kömegini berdi.

Beýik Galkynyş eýýamynda ilata edilýän kommunal hyzmatlarynyň hili gowulandyrylýar, ýöne olaryň nyrhlary öňküligine galdyrylyp aýry-aýry görnüşlerinden ilat mugt diýen ýaly peýdalanýar. Meselem, ýaşaýyş jaýynyň 1 inedördül metri üçin täze milli pulumyz bilen ilat her aýda 2 teňňe, ýaşaýyş jaýynyň 1 inedördül metriniň ýyladylany üçin 0,2 teňňe töleýär.

Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň Karary bilen 2007-nji ýylyň iýul aýyndan başlap, ulanylan lagym suwlary akdyrmak ýurdumyzyň ilaty üçin mugt edildi.

Ýer ýüzünde öz ilatyna elektrik energiýasyny, gazy, suwy, nahar duzuny, lagym suwy akdyrmagy, kommunal hyzmatlarynyň aýry-aýry görnüşlerini, hususy ulaglaryň benzininiň we dizel ýangyjynyň tassyklanan mukdaryny mugt berýän ýeke-täk döwlet Türkmenistandyr.

Bu geçirilýän il-ýurt bähbitli çäreleriň biziň ýurdumyzda maliýe krizisiniň ýüze çykmagynyň öňüni almakda hem uly ähmiýetiniň bardygyna ýene-de bir gezek göz ýetirýäris.

        Parasatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň adatdakysy ýaly, durnukly ösýändigini, maliýe-ykdysady ulgamynyň özüni ynamly duýýandygyny bellemek ýakymlydyr.

Ýurdumyzda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna, maýa goýumy 2 esse artdy.

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak babatda alnyp barylýan düýpli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylmagy ,,Döwlet adam üçindir!“ diýen baş şygarymyzyň barha dabaralanmagyny üpjün eder.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň abadançylygyny pugtalandyrmakdaky ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş ýagdaýyny gowulandyrmakdaky uly tutumlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegini arzuw edýäris.

1. Реферат Предприятия с иностранными инвестициями
2. Контрольная работа Межличностные отношения в коллективе 2
3. Реферат на тему My Writers Profile Essay Research Paper My
4. Реферат Кредиты, их виды и сущность
5. Реферат Сделки представительство исковая давность Право собственности
6. Биография Cократ
7. Реферат Отчет по практике в ОВД
8. Курсовая на тему Физические лица как субъекты гражданских правоотношений
9. Контрольная работа на тему Транспортный налог Налог на игорный бизнес
10. Реферат на тему Соглашение о разделе продукции